ХХ Ählihytaý gurultaýynyň jemleriniň tanyşdyrylyşy

31 Iýul 2023
582

Şu gün paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ХХ Ählihytaý gurultaýynyň jemleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Onda ilki bilen çykyş eden jenap Çen Gan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň agzalarynyň iki halkyň dost-doganlygyny berkitmekdäki alyp baran işleri barada giňişleýin durup geçdi we Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň tutýan meýdany, tebigaty, medeniýeti hem-de ol ýerdäki ösüşler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de çykyşyň dowamynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Orta Aziýa döwletler bilen, şol sanda Türkmenistan bilen gelejekde dost-doganlygy has-da berkitmek babatda alnyp baryljak işler barada durlup geçildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow jenap Çen Gana we Hytaý tarapyndan gelen beýleki wekillere bu tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň adyndan hem-de öz adyndan hoşallygyny bildirdi. Jenap Çen Gan hem öz gezeginde partiýanyň adyndan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

«Diýar».
Beýleki habarlar