Tebigaty goramak — durmuşy söýmek

26 Iýul 2023
1095

Daştöweregimizi gurşap alan tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryny, gözelliklerini, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, geljekki nesillere ýetirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler alnyp barylýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, gök zolaklary döretmäge, tebigaty baýlaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy tebigaty goramak we ony baýlaşdyrmak maksadyna gönükdirilendir. Onda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklary emele gelip, ýurdumyz bagybossanlyga beslenýär. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatda ýurdumyzyň halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, halkara konwensiýalara goşulmagy tebigaty goramakda asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ykdysadyýetiň pudaklaryny ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmäge, tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde umumadamzat bähbitli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde mundan beýläkde üstünlik arzuw edýäris.

Gülruh Kakyşewa,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň döwlet inspektory.
Beýleki habarlar