EKOLOGIÝANY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNLERI

21 Iýul 2023
1240

Tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň sany hem köpelýär. Ýurdumyzda hemde tutuş dünýä döwletlerinde her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz başarnyklaryny doly açmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde  sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýar.

5nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga bolan tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir. Her ýylyň 8nji iýuny — Bütindünýä ummanlar güni hökmünde bellenilýär. Bu şanly senede ummanlaryň ähmiýetine bagyşlanan dürli maslahatlar we çäreler geçirilýär. Ýer ýüzündäki tokaýlaryň howanyň arassalanmagynda we kislorodyň bölünip çykarylmagynda ähmiýeti uly bolsa-da, kislorodyň esasy çeşmesi deňizler we ummanlardyr. 17-nji iýun — Bütin dünýä çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreşmegiň günüdir. Çölleşmek daşky gurşawyň zaýalanmagy bilen baglanyşykly iň wajyp meseleleriň biridir. Çölleşmäge garşy göreş zaýalanan ýerleri dikeltmegi, sürümli ýerleri hasyl berýän derejä ýetirmegi, tebigy örüleri hojalyk dolanyşygyna gaýtadan goşmagy, suwly batgalyk ekoulgamy guratmagy gözöňünde tutýar. Her ýylyň 21-nji iýuny Bütindünýä güller güni hökmünde bellenilýär. Bütindünýä güller gününde bütin ýer ýüzi dürli reňkli owadan güller bilen haly ýaly örtülen bolýar. Güller gününde gülçülik ýaryşlary, festiwallar geçirilýär.

Merjen ESENOWA
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar