Tebigatyň abadançylygy ugrunda

19 Iýul 2023
1093

Berkarar ýurdumyzda tebigatyň gözelliklerini goramaga, tebigy baýlyklardan we serişdelerden rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy baýlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Sebäbi tebigat bilen adamyň ýaşaýşyny üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Biziň ekin ekip, bereketli hasyl alýan topragymyzam, teşneligimizi gandyrýan suwumyzam, salkyn saýasynda janymyza şypa tapýan baglarymyzam... — tebigatyň bize eçilen taýsyz peşgeşi. Olar hem baýlyk, hem saglyk, hem-de gözellik.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tebigaty goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýedir. Daşky gurşawyň howpsuz ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, biodürlüligini has-da baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan öwrenmäge, ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi, kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, önümçilik we beýleki maksatly binalar gurlanda, “ýaşyl” tehnologiýalaryň ulanylmagy, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi tebigaty goramak ýaly möhüm meseläniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny, adamyň arassa daşky gurşawda sagdyn ýaşamagy barada edilýän aladanyň ilkinji nobatda goýulýandygyny subut edýär. Şeýle tutumly işleriň netijesinde hem-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tokaý zolaklary emele gelip, ýurdumyz bagy-bossanlyga beslenýär.

Dünýägözel Atdaýewa,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň gidrohimiýa laboratoriýasynyň esasy inžener-himigi.
Beýleki habarlar