Daşky gurşawyň abadançylygy

7 Iýul 2023
1158

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi tebigaty aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatynyň ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.
Beýleki habarlar