Goýnuň dönsün erem bagyna, Diýar!

5 Iýul 2023
1195

Türkmen tebigatynyň görkana keşbi asyrlar boýy halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirip gelipdir. Taryhyň şaýatlyk etmegine görä, ekerançylyk bilen meşgullanan pederlerimiz zähmeti bilen ene topragyň keşbini özgertmäge girişipdirler. Suwaryş desgalaryny gurmak, teşne ýerleri suwdan gandyrmak, suwsuz topraklary gülletmek halkymyzyň aň-düşünjesinde mukaddes maksat-ýörelgeleriň biri hökmünde orun alypdyr. Türkmen halkynyň taryhy tejribesiniň, ruhy dünýäsiniň baýlygynyň we özboluşlylygynyň beýany bolan milli medeniýetinde-de, halk döredijiliginde-de, däp-dessurlarynda-da onuň tebigata mährem, näzik, sarpaly garaýşyny aýdyň görmek bolýar.

Tebigatdan tygşytly peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleri aradan aýyrmak boýunça BMG-niň öňe süren Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň biri bolup kabul eden we olary döwlet syýasatynyň gün tertibine uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan özüniň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalaryny daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler bilen berk utgaşykly amala aşyrýar. Şonuň ýaly-da adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter gök we bakja önümleri, miweler bilen üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Aşyrmämmet Bezirgenow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar