Tebigatyň goragynda 55 ýyl

27 Iýun 2023
1336

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti 1968-nji ýylda esaslandyrylyp, ol Diýarymyzyň çäginde indi 55 ýyl bäri ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, amaly işleri alyp barýar. Tebigaty goramakda we ekologiýa jemgyýetçilik seljermeleri geçirmekde uly tejribesi bolan bu jemgyýetiň häzirki wagtda 310 müňden gowrak meýletin agzalary bar. Olar daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen, birnäçe kinofilmleri we wideo ýazgylary şekile geçirip, teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler.

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri çagalar baglarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, edara kärhanalarda tebigata eýeçilik gözi bilen seretmek, aýawly saklamak barada wagyz işlerini geçirýärler. Bu bolsa raýatlaryň ekologiýa medeniýetiniň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde geçiren «Durnukly ösüşde ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygydyr. Bu çäräniň esasy maksady ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsine eýeçilik gözi bilen garap, olary geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Süleýman NURMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar