Abadan hem bagtyýar durmuşyň kepili

9 Iýun 2023
1437

Tebigatymyzyň gözelligini, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gurulýan desgalarda «ýaşyl» innowasion tehnologiýalary ulanmak, desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda, olaryň ýanaşyk ýerlerinde bag nahallaryny oturtmak, seýilgähleri döretmek hökmany talap bolup durýar. Geçirilýän köpçülikleýin ekologik çäreler — bag ekmek daşky gurşawy we adamlaryň saglygyny goramaga, amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly goşantdyr.

Tebigaty goramak babatdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, bu barada kabul edilýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem ýer, suw, tokaý kodeksleri we ýerasty baýlyklar hakyndaky, atmosfera howasyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakyndaky kanunlar bilen düzgünleşdirilýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar