Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

1 Iýun 2023
1165

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesine laýyklykda, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga, parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklara  gönükdirilen asylly maksatlar halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolýar. Olaryň  durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulyp, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, tokaý baýlyklaryny dolandyrmak we tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny, Türkmenistanyň Suw we Tokaý kodeksleri, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsini goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we daşky gurşaw bilen bagly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar hereket edýär. Elbetde, şeýle kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hukuk taýdan berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar