Daşky gurşawyň goragynda

15 Maý 2023
1329

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyzyň ykdysady-syýasy, medeni durmuşy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu günki gün täze taryhy eýýamda taryhyň gatyna ebedilik ýazyljak ägirt uly işler, döwrebap özgertmeler, giň gerimli tutumlar amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak boýunça ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, daşky gurşawy, biodürlüligi goramak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, ýaşyl ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar