Ygtybarly sagdyn gurşaw

4 Maý 2023
1162

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň işinde bu meselä hem ähmiýet berilmelidir» diýip nygtady.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň sagdyn gurşawy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda beýan edilen: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýen konstitusion kadalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň beýanydyr.

Orazdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar