Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege kepil

26 Aprel 2023
1016

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gözel paýtagtymyzdyr welaýatlarymyzda dürli görnüşli baglaryň ekilmegi, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň has-da gözelleşmegi bilen birlikde, onuň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmekde-de uly ähmiýete eýedir. Ekologiýa arassalygyny üpjün etmek her bir adamyň saglygy babatda iň esasy wezipeleriň biri bolup, daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni Diýarymyzyň baş syýasatyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz barada edýän aladalarynyň we baş maksadynyň ynsan saglygyny goramakdygyna aýdyň subutnamadyr.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň kärhanadyr zawodlarynyň hem ekologiýany, daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi üpjün edilip, önümçilige ornaşdyrylan täze tehnologiýalardyr enjamlar tygşytlylygy hem-de zyýansyzlygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmyň täze gazananlaryny durmuşymyza, ylaýta-da, önüm öndürýän pudaklara ornaşdyrylmagy ekologik taýdan arassa azyk we beýleki gündelik önümleriň halkymyza ýetirilmegini, şeýle-de howamyzyň arassalygyny, galyndylaryň azaldylmagyny üpjün edýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz diňe bir asuda hem-de parahat bolmak bilen çäklenmän, ynsan saglygyny ilkinji nobatda goýýan, ekologik taýdan ýaşamaga iň bir amatly döwletleriň birine öwrülýändiginiň aýdyň mysalydyr. Daşky gurşawyň arassalygyny, ekologiýamyzyň abadançylygyny gazanmakda möhüm ähmiýetli zatlaryň ýene biri-de, ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag ekmek işidir. Onuň netijesinde ýurdumyzyň çar ýany bagy-bossanlyga öwrülmek bilen birlikde, bu işe ýaşlaryň hem işjeň gatnaşmagy Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň durmuşyna ata-babalarymyzdan gelýän terbiýeçilik ähmiýetli ýol-ýörelgeleriň giňden ornaşmagyna getirýär.

«Esger».
Beýleki habarlar