Ekologiýa — ýaşaýşyň çeşmesi

19 Aprel 2023
1013

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmegiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňeýär, täze seýilgähler emele gelýär. Bag ekişine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we ak pata bermegi bolsa halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda şu ýyl hem bag ekmek işleri uludan tutuldy. Şahyryň: «Her kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri bar. Bu jümle düşündirişe mätäç däl. Pederlerimiz bag ekmek, köpri gurmak, guýy gazmak işlerini sogap hasap edipdirler. Hut şonuň üçin hem gözel paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda her ýyl ýaş nahallaryň millionlarçasy ekilýär.

Täze gurulýan binalaryň daş-töweregi gür baglyga, al-elwan öwüşginli gülzarlyga beslenýär. Köçeler giňeldilýär, ýollaryň gyralaryna saýaly baglar bezeg berýär. Paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde seýilgähler we tokaý zolaklary emele getirilýär. Tebigatyň ajaýyp owadan görnüşini emele getirýän gözellik her bir adamy ýagşy işlere, döredijilikli zähmete, kämillige ruhlandyrýar, ata Watanymyza bolan söýgini artdyrýar.

Gurbanberdi ANNANUROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar