Owadan keşbe girýär

12 Aprel 2023
907

Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly ýurda öwürmek maksady bilen Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Obadyr şäherlerde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerime eýe bolýar.

Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljek nesillere ýetirmek maksady bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, olar üçin howpsuz ekologik şertleri döretmek ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde baglaryň ähmiýeti juda uludyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda bag nahallaryny oturtmak boýunça köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda bag nahallaryny diňe bir suwarymly ýerlerde däl, eýsem, çöl şertlerinde, kölleriň, derýalaryň boýlarynda, dag eteklerinde ýetişdirmek boýunça-da uly işler durmuşa geçirilýär.

Zeberjet HAZRATOWA,
Çärjew etrabyndaky 49-njy orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy.
Beýleki habarlar