Hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

27 Aprel 2021
1544

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän döwletli ýörelgelerimizi dünýä ýaýbaňlandyrýan taglymat hökmünde giňden bellidir. Eziz Watanymyz baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen halkara gatnaşyklarynda, dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny tapdy. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy daşary-syýasy tarapdan döwletiň parahatçylyk dörediji, halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň işjeň merkezine öwrülmegine ygtybarly esas bolup durýar. Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginde ýol-ulag düzüminiň, şol sanda demir ýol ulgamynyň uly ähmiýeti bar. Uzak ýyllaryň dowamynda iş tejribesindäki anyk sanlara we maglumatlara daýanýan bu hakykatyň özeninde ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin halkara gatnaşyklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we bu hyzmatdaşlykda ýol-ulag gatnaşygynyň derwaýys häsiýete eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapýar.

Ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy ýolunda toplanan baý tejribäni ulanmak bilen, milli bähbitlerimizi dünýäniň ählumumy bähbitleri we tagallalary bilen utgaşdyrmak şu günüň derwaýys wezipeleri bolup durýar. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň ýurdumyzyň, sebitimiziň we bütin dünýäniň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen halkara derejesindäki teklipleri we netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar we ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň, 2015-nji ýylda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýanyň, 2017-nji ýylda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejesinde uly goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ogulbibi REJEBOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.
Beýleki habarlar