Parahatçylyk — Zemin abadanlygy

23 Aprel 2021
1459

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän dost-doganlyk gatnaşyklary, tymsallardyr aýtgylar, nakyllardyr milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän aýdyň pikirler her bir okyja eseriň many-mazmunyna çuňňur aralaşmaga, durmuş kadalary barada pikir ýöretmäge itergi berýär.

Milli Liderimiziň kitabyň girişinde beýan edýän: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýen jümleleri bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri ata Watanymyza, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, milli gymmatlyklarymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki öz geçmişiňe göz ýetirip, Watanyňa buýsanmak, şöhratly pederleriň Watan öňünde bitiren beýik işlerine guwanmak, milli gymmatlyklardyr däp-dessurlarymyza hormat goýmak şu günki bagtyýar neslimiz üçin mukaddes borç bolup durýar.

Laçyn HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar