Türkmenistanyň Medeni diplomatiýasy

12 Aprel 2021
1417

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek bu hyzmatdaşlygyň binýatlyk many-mazmunyny düzýär.

1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak barada» Konwensiýasyna goşuldy. Bu Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olardan 1999-njy ýylda ilkinji gezek gadymy Merw taryhy-arheologik ýadygärlikler toplumynyň, 2005-nji ýylda Köneürgenç ýadygärlikleriniň we 2007-nji ýylda Nusaý galalarynyň bu guramanyň Adamzadyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini mysal hökmünde ýatlap geçmek bolar.

Aýbölek KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar