Tans—gadymy sungat

11 Fewral 2021
1734

Tans sungaty ynsanyň öz duýgularyny beýan etmek, ýüze çykarmak usullarynyň iň bir täsin görnüşleriniň biridir. Dürli halklaryň mundan müňýyllyklar öň diwar ýüzünde we beýleki zatlarda galdyran suratlarynda tansyň görnüşleriniň bolmagy onuň öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryna alyp gidýändigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin-de tans sungaty ilkidurmuş jemgyýetinde dörändir diýmäge esas bar. Gelip çykyşyny öwrenenlerinde, tanslary döwürlere, şonuň ýaly-da halklara, medeniýetlere bölýärler.

Ýakyn Gündogarda tanslar dürli dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Mundan 3300 ýyl öňki döwre degişli bolan Bhimbetkiň (Hindistan) gowaklardaky suratlar, gadymy Müsürdäki gubur şekilleri muňa şaýatlyk edýär. Arheologik tapyndylar Gadymy Müsürde zenanlaryň toparlaýyn tanslarynyň hem bolandygyny subut edýär. Orta asyr derwüşleriniň dürli ruhy ahwala aralaşmak üçin edýän tanslary hem bellidir.

Jeren AŞIROWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň tans mugallymy.
Beýleki habarlar