Kitap oka, öwren, döret!

3 Fewral 2021
1782

Kitap adamzat ýaşaýşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, maglumatlaryň tükeniksiz çeşmesidir, geçmişi geljek bilen birleşdirýän köprüdir, beýik akyldarlaryň, danalaryň, parasatly gojalaryň... dürdäne setirlerinden döräp, bize terbiýe sapagyny berýän, basgançaklary gutarmaýan beýik bir ymaratdyr. Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimiň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär. Ynsan kitap okamakdan ruhy lezzet alýar. Adamzat durmuşynda iň möhüm serişdeleriň biri bolup durýan kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, suratkeşleri, kompozitorlary... bilen duşurýar, dürli ylymdan ders berýär. Ol hiç wagt garramaýar, hemişe juwan, hemişe seniň gullugyňa häzir wepaly bir hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, armany-ýadamany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoşowaz bir bagşy ýalydyr.

Biz kitap okaýarkak, ýörejek ýolumyzy saýgarýarys, durmuşda ýalňyşmazlygy, ýalňyşanlary bagyşlamagy, özgeleriň ýalňyşlaryndan hemişe netije çykarmagy, kanagatly, sabyrly, geçirimli bolmagy öwrenýäris hem-de haýsy ugurda üstünlik gazanjakdygymyza göz ýetirýäris. Ol biziň öz duýgy-düşünjelerimizi, pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy seljermäge kömek edýär.

Gülüstan PORANOWA,
Serdar etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar