Sanly ulgamy ösdürmekde ýaşlaryň orny

2 Fewral 2021
1545

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgam çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işeňňir gatnaşýar. Ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklaryndan gelýän ýaş hünärmenler döwlet buýurmalary esasynda hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar we gaýtadan şertnamalaýyn esasda magistratura okuwlary boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Akademiýada diňleýjiler çylşyrymly ýiti bäsleşikli bazar ykdysady şertlerinde ykdysady, hukuk we ynsanperwer ugurlar boýunça bilim alýarlar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri sanlylaşdyrmak ulgamy boýunça olar bilimleri ele almak bilen, iş endikleriniň inçe syrlaryny halypa professor-mugallymlaryndan, ýurduň öňdebaryjy pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri utgaşdyryjy mugallymlaryndan öwrenýärler.

Bäşim RAHMANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar