Nesil terbiýesi

1 Fewral 2021
1835

Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär. Biz ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän bu asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris.

Ýaşlara zamanabap milli bilim-terbiýe bermek, olaryň ilhalar ynsanlar, zamanabap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda binagärlik babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman ösen tehnologiýalar esasynda, sanly ulgama daýanylyp enjamlaşdyrylýan mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdep, ýokary okuw mekdep binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.

Gunça ORAZOWA,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar