Watan mukaddesligi

29 Ýanwar 2021
1766

Goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr.

Watan! Bu mukaddes söz bilen baglanyşykly süýji gürrüňleri näçe diýseň etse bolar. Sebäbi Watan mukaddesliginiň çäkleri wagt taýdan alanyňda-da, perzentlik borjy taýdan kesgitläniňde-de gözýetmez uzaklyklara sary dowam edýär. Biz Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýolunyň gürrüňini edenimizde-de kalbymyzda nähilidir bir süýji gussa, ünji peýda bolýar. Şol mukaddes duýgy hem biziň şu Watanyň perzendidigimizi duýduryp duran hakykat. Şu giden uly giňişlikde — goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr.

Beýleki habarlar