Watansöýüjiligiň nusga alarlyk göreldesi

27 Ýanwar 2021
1812

Ähli döwürlerde-de Watan goragy mukaddes we jogapkärli borç hasap edilipdir. Türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän çeşmeler ene topragy duşmanlardan goramak, ilatyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin gerçekleriň janyny aýamandyklaryna şaýatlyk edýär. Halk gahrymanlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Olaryň atlary ebedileşdirilýär, bitiren hyzmatlary adamlaryň ýadynda müdimi ýaşaýar, görkezen gaýduwsyzlyklary bu günki Watan goragçylary üçin görelde bolup hyzmat edýär.

Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly ýaşlar bu gün ýurdumyzyň goragynda berk durýarlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hemişe aladalanýar. Milli goşunyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy, Watan goragçylary üçin ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hut ýakynda hem Kerki serhet birikmesinde serhet galasynyň täze binasy we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga tabşyryldy.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Beýleki habarlar