Ýörelgämiz — dost-doganlyk

27 Ýanwar 2021
1838

Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi, Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde çykyş edýän türkmen Lideriniň öňe sürýän taglymatlarynda öz beýanyny tapýar.

Beýleki habarlar