Belent maksatlary nazarlap

20 Ýanwar 2021
1577

Ynsanperwerligi baýdak edinip, taryhyň ähli döwürlerinde goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklan halkymyzyň dünýägaraýşynda goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn orun eýeleýär. Arkadag Prezidentli türkmen döwleti ata-baba ýörelgelere ygrarly bolup, bu günki gün dünýäniň ýakyn-u-alys illeri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberindäki ýüzlenmelerinde we iri halkara forumlardyr maslahatlardaky çykyşlarynda öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanyp, uly goldaw tapýar.

Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hatarynda yklymyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürip, gadymy kerwenlere geçit beren Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hem-de energiýa serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek wezipeleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen — Hytaý we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijileri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik geçiriji ulgamy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly we ýurdumyzyň çäginde gurulýan beýleki polat we awtomobil ýollary, deňiz-derýa we howa ulaglary üçin döredilýän döwrebap düzümler muňa şaýatlyk edýär.

Ahmet GELDIÝEW, .
«Watan»
Beýleki habarlar