Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar

19 Ýanwar 2021
2382

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň kämilleşdirilip, şu günlerimize gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aýdym-saz barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Aýdym-saz sungaty — täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi. Bu gün türkmen toýlarynyň sahnasynda halk aýdymlary, häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň ata Watanymyzy, türkmen halkyny, onuň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän kämil, şowhunly eserler aýratyn joşgunlylyk we özüne çekijilik bilen ýerine ýetirilýär. «Jeýhun bilen bahry Hazar arasynda» — keremli Watanymyzda bagtyýarlyga gowşan halkym bu gün bagşy tutup, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, göreş tutduryp uludan toý tutýar».

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirtleri, beýik ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen öçmejek yz galdyran bagşylar Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Nurberdi Gulow, Ödenýaz Nobatow, Aşyrmämmet Dawudow ýaly halypalar şirin owazlary bilen ýüreklerde ömürlik orun aldylar.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar