Ýyllar şöhrata beslenýär

14 Ýanwar 2021
1988

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, her bir ýyl uly üstünliklere, täze rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgämiz üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri barha gowulanýar. Halkymyzyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalary gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy halk hakyndaky aladanyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ýurdumyzyň parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň hem-de ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň, täze başlangyçlaryň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu zatlaryň ählisi bolsa, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde öňe çykýar. 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem, bu ugurda ýurdumyzyň tejribesiniň has giňden ýaýradylmagynyň zerurdygy baradaky ykrarnamanyň beýanydyr. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň tejribesinde köptaraplaýyn diplomatiýanyň hereket edýän netijeli guraly hökmünde özüni görkezen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň gürrüňi edilýän resminamasynda has-da ösdürildi.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.
Beýleki habarlar