Bitaraplyk senasy

14 Ýanwar 2021
2018

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilip geçilen ýylda giň möçberli işler amala aşyryldy. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem şanly senäni ýokary üstünlikler bilen jemledi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli durmuş we beýleki maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny guramak asylly däbe öwrüldi. Bu şanly senä gabatlanyp, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli lukmançylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga gönükdirilen giň möçberli tagallalaryň aýdyň netijesi bolup durýar.

Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patalogik anatomiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar