Sagdynlyk — iň uly baýlyk

10 Ýanwar 2021
1725

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Karara gol çekmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar