Parahatçylygyň ýoly bilen ynamly ädimler

6 Ýanwar 2021
1992

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýörite iş maslahatyny geçirdi. Elbetde, bu taryhy pursadyň özi tutuşlygyna üstünliklere beslenip tamamlanan ýylyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag Prezidentimiz bu gezekki geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna degişli buýsançly tabşyrygynda «Wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmeli. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Demokratik partiýanyň jemgyýetdäki ornuny berkitmeli, täsirini artdyrmaly bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlar bilen arkalaşykly işlemeli» diýip belledi. Şeýle hem eziz  Arkadagymyz 2021-nji ýylda dabarasy uludan tutuljak Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hakynda aýratyn bellemek bilen, «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geljek ýyl bellenjek şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmeli. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmeli» diýip nygtady. Ine, şeýle buýsançly hem-de sogaply tabşyryklary durmuşa geçirmek bilen bagly işleriň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli işjeňleri dünýäde ykrar edilen milli Liderimize alkyş sözlerini aýdýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy. Bu taryhy pursat Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny görkezdi. Biz merdana pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan bagtyýarlyk, abadançylyk we parahatçylyk döwründe ýaşaýarys. Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrdan-asyra aşyryp gelýär.

Merdan MEREDOW,
TDP-niň welaýatkomitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar