Röwşen geljegiň altyn şuglasy

6 Ýanwar 2021
2004

2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şanly wakalar bilen tamamlanyp barýan pursatlarynda halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan teklipdir islegleri nazara almak bilen, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde biz — harby gullukçylaryň hem göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Görşümiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl ata Watanymyza çäksiz söýgi bilen biziň ählimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna alyp barýar.

Elbetde, nesip bolsa, bu ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly iri wakalar we çäreler möhüm häsiýete eýe bolup, ata Watanymyzyň abraýy mähriban Arkadagymyzyň ady bilen has hem dabaralanar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geçen ýyllaryň dowamynda gazanan şanly üstünlikleri bilen röwşen geljege barýan şuglasynyň dünýä ýaýylmagy bolar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, 2021-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläris. Bu bolsa gazanylan netijeleri jemlemegiň hem-de geçilen ýola ser salmagyň döwri bolar. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçeris.

Arslan NURSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar