Beýik Pyragynyň filosofiýasy — parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesi

25 Noýabr 2024
276

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly halkara derejede geçirilýän çäreler onuň edebi mirasynyň adamzadyň şu günki durmuşynda tutýan ornuny giňden açyp, bu mirasyň parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesidigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadançylyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr» diýip, söz ussadynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Bu hakykat foruma gatnaşan dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda-da öz beýanyny tapdy.

Beýik akyldaryň edebi mirasynyň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygynda tutýan ornuny Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda:

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.
Beýleki habarlar