«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023
Mähriban topragymyza bahar geldi. Ýurdumyzda her paslyň özboluşly aýratynlygy, owadanlygy bar. Ýöne näme üçindir, biz hemişe ynsan kalbyna has üýtgeşik täsirini ýetirýän ýaz paslyny küýseýäris. Bahar günleriniň gelerine, gülleriniň açylaryna, tebigata jan berýän, ýyly demi, gudratly mähri bilen kalbyňy ýyladýan, ruhuňy galkyndyrýan, dünýäni özgerdýän bahara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.