Köýtendagyň täsin kölleri

4 Ýanwar 2023
709

Köýtendagyň täsinlikleriniň ýene-de biri onuň karst hadysasy netijesinde emele gelen täsin kölleridir. Bu ýerde ululy-kiçili kölleriň onlarçasy bar. Köýtendagda hemişelik gar çyzygynyň deňiz derejesinden 3700 metr ýokardan geçýänligi sebäpli, bu ýerde ýylboýy saklanýan gar örtügi ýok, ol maý-iýun aýlarynda eräp gutarýar. Bu bolsa dag eteklerinde dürli ululykdaky we çuňlukdaky karst kölleriniň emele gelmegine sebäp bolupdyr.

Köýten obasynyň golaýyndaky Ketdeköl tebigy suw howdany ýurdumyzda iň çuň we süýji suwly köl hasaplanýar. Ol şol ýerden akyp geçýän Köýten derýasynyň sag kenarynda, deňiz derejesinden 754 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu onuň Watanymyzda deňiz derejesinden iň ýokarda ýerleşen köldügini görkezýär. Onuň uzynlygy demirgazykdan günorta tarapa 450 metr, ini 375 metre uzalyp gidýär. Tutýan meýdany 25 gektar, çuňlugy 59 metrdir.

Jora RAHMANOW,
geografiýa ylymlarynyň kandidaty, tebigatşynas.