Aňňat-aňňat depelerden ýol ýasap...

27 Dekabr 2022
671

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Garagum sährasyna gezelenjini amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň gezelenjiniň dowamynda baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan sahawatly sähramyzy synlamagy, Garagumda sport ulagynda gezelenç etmegi bizi örän buýsandyran waka boldy.

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Garagum sährasynyň umumy tutýan meýdany 350 müň inedördül kilometre deň. Sähranyň ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, guwanjydyr.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.