Guşuň täze görnüşi tapyldy

6 Dekabr 2022
735

«Kapotly pitohui» ylmy gözlegler bilen tassyklanan dünýädäki ilkinji zäherli guşdur. Täze Gwineýada bu guşuň zäherlidigini bilseler-de, alymlar onuň bu aýratynlygyndan bihabardylar.

Şeýle-de bolsa, Jek Dumbaçer atly gözlegçi guşy tutup, barmagyny onuň agzyna salanda zäherlidigine düşünipdir. Ol ýaralanan barmagyny derrew çekip aýryp, agyryny aýyrmak üçin agzyna salypdyr. Tiz wagtdan diliniň we dodaklarynyň çişip başlandygyny, soňra agyz boşlugynyň içiniň burç iýen ýaly, ajandygyny duýupdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.