Ýel bilen Güne 10 göterim degişli

6 Dekabr 2022
834

«BloombergNEF» (BNEF) tarapyndan taýýarlanan hasabata görä, 2021-nji ýylda öndürilen elektrik energiýasynyň 10 göteriminden gowragy ilkinji gezek ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edildi.

2021-nji ýylda öndürilen 3000 terawatt sagat elektrik energiýasynyň 10,5 göterimi ýel bilen Gün energiýasynyň birleşmegi netijesinde emele geldi. Geçen ýyl Gün esasly energiýanyň umumy energiýa islegine goşandy 3,7 göterime, ýel energiýasy bolsa 6,8 göterime çenli ýokarlandy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.