Suw gym­mat­ly ha­zy­na­dyr

5 Dekabr 2022
1003

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin türkmenler asyrlaryň dowamynda suwa aýawly çemeleşipdirler. Onuň her bir damjasyny altyna barabar görüpdirler. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halk döredijiliginde suwa sarpa goýmak hakynda birgiden nakyllardyr aýtgylar, tymsallar hem-de rowaýatlar döräp, dilden-dile geçip gelipdir.

Gahryman Arkadagymyz hem ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa has aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny mydama ündäp gelýär. Arassa agyz suwunyň halkymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlaryň ömrüni uzaltmakda hem-de milletiň genofondyny gowulandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini mysallaryň üsti bilen düşündirýär.

Akjagül BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.