Bilbil mukamy

25 Noýabr 2022
928

Biziň öýümiziň çep tarapynda seleňläp oturan üç düýp armyt, sag tarapynda bolsa bir düýp erik bardy. Olaryň düýbündäki suwly ýabyň boýy garaly bagydy. Bir dörtburç pel bolsa nar agajyndan doludy. Nar agaçlary güllän hem-de bişen döwri üýtgeşik owadan görnüşe girýärdi. Güýzüň soňky aýy bolsa ýapraklary sary bolýardy, şol pursatlar aralaryna girip dursaň, hamana üstüňe sap-sary çadyr gerlen ýalydyr. Çagalaryň köp oýnaýan ýerleri penje-penje ak gülli, tomsuna süp-süýji miweli armydyň we tegelenip oturan ullakan erik agajynyň aşagydy.

Armyda gelenini görmedim, ýöne erik agajyna her gün säher bilen bir bilbil gelerdi. Tomus günleri her gün bilbiliň mylaýym sesine oýanardym. Onuň owazynyň şirinligine haýran galyp, ýakymly duýgulardan gözlerime ýaş aýlanardy, süýji mukamy bir gulaga öwrülip diňläp oturardym. Bilbiliň sesinden teşne kalbym ganmazdy, diňledigimçe diňläsim gelerdi. Bilbil göýä ynsan dilinde gepläýjek bolýardy. Bu owaz gündelik gaýtalanardy. Menem saz diňlärdim, ýöne jigilerime aýdamokdym. Sebäbi olaryň özleri bilbil ahyry...

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.