Şowlulygyň daşy

25 Noýabr 2022
1213

Benitoit dünýäde seýrek duş gelýän minerallaryň biri bolup, ýylsaýyn gymmaty artýan daşdyr. Ol ilkinji gezek Kaliforniýanyň San Benito etrabyndan tapylýar. Şonuň şanyna-da daş onuň adyny göterýär. Benitoitiň taryhy bir asyra barabardyr. 1906-njy ýylda alym Jorj Louderbak adaty bolmadyk sapfirler barada gözleg geçirende, benitoit daşyny açýar. Bu mineral ýakut daşynyň reňki ýaly gök, goýy gök reňkde bolýar. Benitoit daşyna pleohroizm häsiýeti, ýagny reňkini üýtgetmek ukyby mahsus.

Gymmatly mineralyň ýarym dury we aýna ýaly dury görnüşleri bar. Ultramelewşe şöhlesiniň aşagynda bu daş açyk gök öwüsýär. Benitoit örän seýrek mineral bolup, diňe gaty kiçi kristallar görnüşinde tapylýar. Mineralyň ýeke-täk ýatagy ilkinji açylan ýeri bolan Kaliforniýada ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, benitoit Tehasdan we Belgiýadan hem wagtal-wagtal tapylýar. Ýöne bu ýerlerden tapylan kristallaryň hili Kaliforniýadakylardan has pesdir.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».