Zeminiň gözellik serpaýy - türkmen tebigaty

24 Noýabr 2022
836

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Türkmen tebigatynyň özboluşlylygy göwünleri göterýär. Gün çykanda ýapylaryň ýüzi öňküsindenem has açyk, ter görnüşe eýe bolýar. Otlaryň baldajyklaryndaky gözýaş deý bulduraşypjyk duran nepisje damjalaryň ýüzünde ýedi öwüşginli älemgoşar görünýär. Bu topraga gadamy ýaraşýan her paslyň ýagty durkunda kalba ornan şirin duýgular durlanýar.

Ýerden ýaňy saýlanyp ugran Gün daň çygyna ýuwlan derekleriň zowwam hatarynyň aňyrsyndan birenaý ýylgyrjaklap seredýär. Zerbap öwüsýän bulutlar kem-kem pessaýlap, hol gözýetimde  ýaýylan ýukajyk  dumana çümüp gidýär, bu ahwaldan tebil tapyp, baglara tarap taýyp gelýän näzik şemal daragtlaryň taryny yrgyldadyp, hoş owazly saz edýär. Ýylyň dört paslynda hem köňüllere şatlyk paýlaýan tebigat biziň ikinji öýmüzdir. Daşky gurşawyň arassalygy ynsan saglygyny goramagyň esasy şertleriniň biridir. Garagumdaky ”Altyn asyr” türkmen köli ähli welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýygnanýan şorlaşan lagym suwlaryny bir ýere toplamak üçin niýetlenilip, sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu köl suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ähli meseleleri çözmäge uly goşant goşýar. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda zeýkeşleriň ugrundaky çäkler tanalmaz derejede özgerdi. Suw howdanlarynda balyklaryň dürli görnüşleri köpeldilip başlandy, ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi giňeldi. Uzak menzillerden uçup gelýän guşlaryň düşlemegi üçin amatly ot-iým serişdeleri ýüze çykdy.