Akrap döwri her ýylyň 23-nji oktýabryndan başlap, 22-nji noýabra çenli aralykda dowam edýär. Bu döwür hakynda birnäçe nakyllar döredilipdir.
Ýyldyz senenamasy boýunça Mizandan soň Akrap gelýär. «Akrap» arap sözi bolup, «içýan» diýmekdir. Bu döwürde Türkmenistanyň çäginde demirgazyk-günbatar tarapdan sowuk howa akymy aralaşyp başlaýar. Bu ýagdaý halk nakylynda «Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen setirlerde häsiýetlendirilipdir.