Bil­gir­jä so­wal

17 Noýabr 2022
1144

— Bilgirje, häzir Watanymyzda güýz pasly dowam edýär. Bu paslyň hem beýlekiler ýaly özüne ýetesi özboluşly taraplary bardyr. Şular barada giňişleýin gürrüň beräýseň!

Ilki bilen, güýz paslyny Ýer şarynyň ähli ýaşaýjylarynyň gyradeň görmeýändigini aýtmaly. Demirgazyk ýarymşarda sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary, Günorta ýarymşarda mart, aprel, maý aýlary güýze degişli hasaplansa, ekwatorial guşaklykda güýz düýbünden bolmaýar. Oňa derek bu ýerlerde ýa gurakçylyk ýa-da ýagyş-ýagyn köp duş gelýär. Bu sebitlerde durnukly howa ýagdaýy höküm sürýär. Howanyň temperaturasynyň peselmegi bilen güýzüň başynda köpsanly guşlar ýyly ýurtlara göçýärler. Sowuk ganly jandarlar we kirpidir aýylar, mör-möjekler güýzüň ahyrynda gyş ukusyna gidýärler. Käbir haýwanlaryň köpüsiniň bolsa sütükleri galyňlaşyp, gyşlaýan guşlaryň ýelekleri täzelenip, aňzakly hem aýazly, garly gyşa taýynlanýarlar. Güýzde baýguşdyr hüwüleriň sesi beýgelýär. Sebäbi olar özleri üçin oňaýly höwürtge gözleýärler. Belkalar güýzde köpräk hozdur maňyzly şänikleri ýygnaýarlar. Şonuň üçin olaryň iýmitlerini nirä gizländiklerini berk ýatda saklamaklary üçin beýnisi güýzde ulalýar.

Taýýarlan Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.