Tebigat bilen sazlaşykly durmuş

17 Noýabr 2022
662

Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde bag ekmegiň ähmiýeti barada örän täsirli rowaýat getirilýär. Rowaýatda beýan edilişine görä, bir adam ogluna mellegindäki baglaryň biriniň düýbünde gyzyl gömüp goýandygyny aýdyp, ondan peýdalanyp bilse, ol baýlygyň ony ömürboýy ekläp biljekdigini ýaňzydýar. Ogly, elbetde, baglaryň arasyny gyzyl dörjük edýär. Gyzylly humy tapmak üçin melleklerindäki ähli baglaryň düýbüni depip çykýar. Gyzylly hum-a tapylmaýar welin, ýöne şol ýyl düýbi depilen baglar şeýle bir bol hasyl berýär. Oglan atasynyň diýýän «gyzylly humunyň» topraga siňdirilen zähmetdigine şonda göz ýetirýär.

Şahyr Gara Seýitliýewiň «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen çuň mazmunly setirleri mekdep ýyllaryndan bäri her birimiziň aňymyza ornaşdy.

Erkin RAHMANOW,
Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.