Welaýatymyzda güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär

16 Noýabr 2022
698

GADYMY MEKANDAKY HAÝYRLY IŞLER

Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzki bak ekmek möwsümine badalga berilmegi bilen, welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynda hem bu ugurdaky işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, häzirki döwürde etrabyň merkezi şäherçesinde, oba geňeşlikleriniň çäklerinde ýaş nahallary oturtmak, öňden ösüp oturanlaryna ideg etmek boýunça derwaýys çäreler amala aşyrylýar. Olara edara-kärhanalaryň, oba geňeşlikleriniň, orta mekdepleriň, saglyk öýleriniň işgärleri uly hyjuw bilen gatnaşýarlar. Geçen şenbe güni bu ýerde geçirilýän şeýle çärelere şaýat bolduk.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».