Gadymy sarahs topragyna syýahat

16 Noýabr 2022
727

Güýz paslynyň ajaýyp günleriniň biridi. Daglaryň aňyrsyndan jyklaýan Gün ähli ynsanlara süýjüden-süýji arzuwlary ýollaýan ýaly, tyllaýy şöhlesini saçyp ugrapdy. Agaçdan tänip gaçýan sary ýapraklar güýz şemalyna hiňňildik uçýana çalymdaşdy. Asuda asmanda iki ýana gaýyp ýören guşjagazlaryň mylaýym jürküldileri bolsa, çar tarapda parahatlygyň sesi deýin ýaňlanýardy. Biz şeýle owadan pursatlary synlap, paýtagtymyzdan gadymy Sarahsa tarap ýola düşdük.

Gadymyýetde pirleriň, alymlaryň, akyldarlaryň gadamy düşen Sarahs topragy hakynda oýlananymda, taryhy ýerler, tebigat täsinlikleri bilen bir hatarda, at-owazasy äleme ýaýran «Pulhatyn» köprüsiniň taryhy ýadyma düşýär. Mekdepde okaýan döwürlerimiz bu gadymy köpri hakynda taryh mugallymymyz Nurjemal Eşşanowa şeýle gürrüň beripdi:

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.