Keremli topragyň ýalkawy

11 Noýabr 2022
781

Parasatly pederlerimiz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň nusgalyk ýörelgelerini kemala getiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol ýörelgeler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ählihalk derejesinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi hem-de ösüp oturan agaçlara ideg edilmegi ajaýyp hakykaty tassyklaýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzki ählihalk bag ekiş dabarasy hem asylly däpleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Şondan biraz öň, has takygy, 28-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy üçin hut şu ýeriň saýlanyp alynmagy onuň tebigy özboluşlylygy bilen baglanyşyklydyr. Bu sebit taryhyň dowamynda ekerançylygyň ösen künjegi hökmünde tanalypdyr. Üzüm halkymyzyň bereketli desserhanynyň iň lezzetli önümleriniň biridir. Keremli topragymyz ähli döwürlerde üzümiň bitginli ýeri hökmünde şöhratlanypdyr. Asyrlardan bäri baldan datly tagamly, dürli reňklerdäki üzüm we ondan taýýarlanylýan önümler toýdur baýramlarymyzyň saçaklarynyň bezegidir. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» üzümiň gelinbarmak, terbaş, akşekerek, halyly, esgeri, göksuwly, ýegdäne, bidäne, dagtokga, gyzylsapak, kişmişi, monty ýaly görnüşleri beýan edilipdir. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýyl Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparlarynyň birinde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň synag meýdançasyndaky üzümçilikleri synlap, bu ýerde ýetişdirilen üzümiň täze görnüşine «Kärizek» diýip atlandyrmagy teklip edendigini hem aýratyn belläp geçmelidiris.

Güljeren ANNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.