DOSTLUGYŇ NYŞANY
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgama, milli gymmatlyklara-da uly orun degişlidir. Şunda iki halkyň barha berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň ajaýyp nyşanlarynyň biriniň türkmen alabaýydygyny aýratyn nygtamak gerek. Bu barada aýdylanda, 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa türkmen alabaýyny sowgat berendigini ýatlamaly. Şonda dostlukly döwletiň Baştutany ony diňe bir sowgat däl-de, türkmen-tatar halklarynyň arasyndaky taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan mizemez dost-doganlygyň ajaýyp nyşany hökmünde kabul etdi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow özüne sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýyna aýratyn mähir-yhlas bilen seredýär. Dostlukly ýurduň Baştutanynyň öz internet sahypalarynda Akdostuň dürli ýerlerde düşürilen ajaýyp fotosuratlaryny ýygy-ýygydan paýlaşyp durmagy-da munuň şeýledigini tassyklaýar.Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere dürli ýyllarda hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy-da onuň bu ajaýyp mi