Bahar gül Diýara toý bolup gelýär

18 Mart 2022
1086

Agzybir halkymyz gözelligiň, täzelenişiň, tebigata egsilmez söýginiň beýany bolan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen toýlaýar. Biri-birine ulaşýan çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary il-ulsumyzyň ene topraga bolan hiç haçan öçmejek buýsanç, mähriban Watanymyza bolan synmaz söýgi duýgularyny şöhlelendirmek bilen, bagtyýar durmuşymyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem taryhy-medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän we äleme ýaýýan gadymy baýramdyr. Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, Nowruz baýramy ençeme asyrlardan bäri tutuş adamzadyň durmuşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, ynsanlary dost-doganlyga çagyrýar. Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyryp, umumy öýümiz bolan tebigata söýgini, zähmetsöýerligi ündeýär. Gadymy baýram parahatçylygyň, ylalaşykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň jarçysy hasaplanýar. Şonuň üçin hem Halkara Nowruz güni dünýäniň iri we abraýly halkara bileleşigi tarapyndan adamzadyň terbiýeçilik ähmiýetli hem-de gymmatly baýramçylyklarynyň biri hökmünde halkara derejesine eýe boldy.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy.