Soltanit

18 Mart 2022
1405

Bu daşyň ady agzalanda, syrly gündogar göz öňüňe gelýär: soltanyň owadan köşgi, gündogaryň geň-enaýy süýji nygmatlary... Reňkleri bilen haýran galdyrýan owadan we üýtgeşik soltanit seýrek duş gelýän daşlaryň sanawyna girýär. Ol ýaňy-ýakyndan bäri dünýä meşhur bolup, juda täsin mineral hasaplanýar. Mineralyň ulanylyşy barada ilkinji gezek gündogar ýazgylarynda agzalýar. Soltanit bilen bezelen şaý-sepleri arap adamlarynyň, gündogar hökümdarlaryň arasynda dakynmak ýörgünli bolupdyr. Ýazgylarda galan maglumatlara görä, bu daşy mukaddes hasaplap, tumar hökmünde hem saklapdyrlar. Soltanlar bu daşa akýürekliligiň, hakykatyň, adalatyň nyşany, ýeňiş getirýän, erbet nazaryň badyny gowşadýan, baýlygy alamatlandyrýan gymmatlyk hökmünde seredipdirler. Gutular, gapjyklar, sandykçalar hökman soltanit daşy bilen bezelipdir. Emma bu daş gymmat bolansoň, ony şol döwürler diňe gurply adamlar edinip bilipdirler. Belki, şonuň üçin hem bu daş «soltanit» diýlip atlandyrylandyr. Bu mineral geçen asyrlaryň aristokratlarynyň dakynýan şaý-sepleriniň arasynda ýörgünli bolupdyr.

Ýewropa bu daşy Osman imperiýasynyň düýbüni tutan türkler getirýär. Ondan 2 sany beýik soltanyň, ýagny Mehmed II-niň we Süleýman Kanuniniň ýüzükleri ýasalypdyr. Şondan soň Ýewropanyň zergärçiliginde şaý-sepleriň bezeginde soltanit mineraly giňden ulanylýar. Mineral altyn bilen taraşlanýar. Şeýdip, kem-kemden daşyň meşhurlygy artýar.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».